Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ilatyň saglygyny we asuda ýaşamagyny üpjün etmek maksady bilen ençeme işler durmuşa geçirilýär. Her ýylyň 1—30-njy sentýabry aralygynda ýol hereketine gatnaşýanlaryñ ählisiniñ howpsuzlygyny gazanmaga gönükdirilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäräniň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Her ýyl «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk bilen baglanyşykly ýurdumyzyň edara-guramalarynda, orta mekdeplerinde, çagalar baglarynda dürli çäreler geçirilýär. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň çygrynda degişli gözegçilikler hem amala aşyrylýar.
Ösüp gelýän ýaş nesliň asuda we abadan durmuşda ýaşamaklary üçin birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda “Ýol hereketiniñ howpsuzlygy hakyndaky” we Türkmenistanyñ “Administratiw düzgün bozmalar hakynda Türkmenistanyñ Kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyñ Kanunlary hereket edýär. Munuň özi, ýol hereketiniñ howpsuzlygyny ýokarlandyrmagyň döwlet syýasatynyñ ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini subut edýär. Ýollarda howpsuzlyk çärelerini berjaý etmek boýunça gündelik düşündiriş we öňüni alyş çäreleri ýurdumyzyň içeri işler edaralarynyň işiniň iň esasy bölegi bolup durýar. Şonuñ bilen birlikde ýurdumyzda halkara ölçeglerine laýyk gelýän köprüleri, awtomobil ýollaryny gurmak boyunça hem maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi bolsa eziz halkymyzyň asuda durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby