ÝUNESKO Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Bilim, Ylym we Medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasydyr. Bu gurama 1945-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredildi. ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasy Fransuz Respublikasynyň Pariž şäherinde ýerleşýär.
Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Londonda degişli resminamany ratifisirlemek arkaly ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. 1994-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde taryhy we medeniýet ähmiýetli 1000-den gowrak ýadygärlikler ýüze çykaryldy we hasaba alyndy.
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasyna girizilen gymmatlyklar:
1999-njy ýylda Türkmenistandan ilkinji gezek bütindünýä ähmiýetli ýadygärlik hökmünde «Gadymy Merw» döwlet medeni-taryhy goraghanasy. Merwi we onuň daş-töweregini öz içine alýan Murgap oazisi Türkmenistanda iň irki ilatlaşan ýerleriň birisi. Bu ýerdäki Bürünç asyrynyň ýaşaýyş ýerleri Merkezi Aziýadaky siwilizasiýanyň iň irki subutnamalarynyň hatarynda. Ondan soňky döwürlerde, Merw ägirt imperiýanyň paýtagty bolup hyzmat edýär we Seljuklar döwründe dünýädäki iň uly şäherleriň hataryna göşulýar. Baýramaly şaheriniň ýakynynda ýerleşýän, Gadymy Merw ady bilen tanalýan arheologiki ýadygärlikler 2500 ýyla golaý döwre uzalyp gidýän has kämil şäherleriň subutnamalaryny görkezýär. 1999-njy ýylda Türkmenistandan ilkinji gezek bütindünýä ähmiýetli ýadygärlik hökmünde «Gadymy Merw» döwlet medeni-taryhy goraghanasy. Arheologiki taýdan Merw dünýäniň iň uly we iň gymmatly ýadygärlikleriniň birisi hasaplanýar.
2005-nji ýylda «Köneürgenç» döwlet medeni-taryhy goraghanasy. 2005-nji ýylda «Köneürgenç» döwlet medeni-taryhy goraghanasy. KÖNEÜRGENÇ – Daşoguz welaýatynyň etraby we onuň merkezi şäheri bu şähere ata-babalarymyz Ürgenç diýipdirler. Türkmenistan öz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra Köneürgenç şäheri we tutuş ülke hakyky, uly ösüşleri başdan geçirýär. 1985-nji ýylda öň şäherçe hasap edilen Köneürgenç şäher derejesine geçirildi. Häzir bu şäher iň köp gelim-gidimli mekana öwrüldi.
2007-nji ýylda «Nusaýyň Parfiýa galalary» döwlet medeni-taryhy ýadygärligi. Ýadygärligiň ýerleşýän ýeri: Ahal welaýatynyň Ruhabat etraby. Ýadygärligiň döwri: b.e. öň III asyr – b.e. XIX asyry. Parfiýa döwletiniň çäkleri aýry-aýry patyşalyklara (welaýatlara) hem satraplara – (etraplara) bölünipdir. Şoňa görä-de, onuň paýtagty hem bir däl-de, birnäçe bolupdyr. Türkmenistandaky paýtagt şäheri Aşgabadyň 15 km günbatarynda häzirki Bagyr obasynyň çäklerinde ýerleşýän Nusaý galalarydyr.
2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda “Ýüpek ýoly: Zerewşan – Garagum geçelgesi”. Beýik Ýüpek ýolunyň Zerewşan-Garagum geçelgesi ÝUNESKO-nyň medeni miras obýektleriniň sanawyna goşuldy. Ol ýedisi Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän 31 sany taryhy ýadygärligi jemleýär. Bu orta asyr şäherçeleri, galalar we kerwensaraýlardyr.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby