Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Döwletimizde gazanylýan üstünlikler bagtyýar ýaşlarymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek, sanly bilim ulgamyna geçmek, daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler biz ýaşlaryň häzirki zaman bilimlerine eýe bolmagyna we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine itergi berýär. Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda ýaş nesliň dünýä derejesine laýyk bilim almagy üçin ähli şertler döredilýär.
Türkmenistanda ylmyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldaw yzygiderli artýar, şeýle-de düýpli we amaly ylmy-barlaglary geçirmek, öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň gerimini giňeltmek ugrunda zerur şertleriň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ylym ulgamy dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýär, onuň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, ylmyň möhüm ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasynyň» wezipelerine laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-barlag institutlarynda, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda dürli ugurlar boýunça döwrebap ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de hil taýdan täze derejä çykarmak hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ýokary dünýä derejesine çykmagy möhüm wezipeleri öňde goýýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, halkara okuw mekdepleriniň döredilmegine, iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdepleriniň we beýleki okuw-mugallymçylyk edaralarynyň täze binalarynyň gurulmagyna, şolaryň işine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, şol sanda internet we elektron kitaphanalar arkaly dünýä maglumatlar ulgamyna ýokary tizlikli elýeterliligiň üpjün edilmegi muña şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlaryň durmuş-ykdysady, medeni ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gazanan üstünliklerine hem-de ýeten sepgitlerine bagyşlanan “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly eseri şu günki we geljekki günlerimizde ýaş nesil üçin ýankitaba öwrüldi.
Bazarbaý ALLANAZAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby