Köklerini müňýyllyklara uzadýan türkmen milleti özüniň baý taryhynyň dowamynda dünýäniň medeniýet we sungat merkezlerine öwrülen şäherleriň ençemesini döredipdir. Olar öz dörän we ýaşan şol döwürlerde diňe bir ylym we sungat merkezleri bolmak bilen çäklenmän, eýsem gurluşyk aýratynlyklary bilen-de tapawutlanypdyrlar. Bu keramatly toprakda ilkinji şäher baryp bürünç asyrynda dörän Altyndepe şäher döwletidir. Altyndepe öz döwrüniň kuwwatly we gözel şäherleriniň biri bolmak bilen, biziň günlerimize çenli köp sanly taryhçy alymlaryň ünsüni özüne çekdi.
Maruşenko, Ganýadin ýaly alymlar şäheriň taryhyna degişli birnäçe ylmy açyşlary etdiler. Ylymda Ýaňykent ady bilen-de mälim bolan Altyndepäni düýpli öwrenen meşhur alym W.M.Massondyr. Şäheriň taryhyny öwrenen alymlar onuň öz döwründe medeniýetiň, sungatyň, binagärçiligiň, söwdanyň merkezi bolandygyny tassyklaýarlar. Altyndepe Harappa (Pakistan), Mahenjedaro (Hindistan) ýaly gadymy Gündogaryň iri medeni merkezleri bilen-de ýygy aragatnaşyk saklapdyr. Bu ýagdaý Altyndepäniň ösüş derejesiniň agzalan medeni merkezler bilen bir hatarda, deň derejede bolandygyny aňladýar.
Gadymy Marguş ýurdunyň paýtagty bolan Goňurdepäniň binagärçilik aýratynlyklary ösen XXI asyryň alymlaryny-da haýrana goýup gelýär. Goňurdepeden tapylan maglumatlar türkmen halkynyň ata-babalarynyň ýokary derejeli medeniýetiniň, sungatynyň, senetçiliginiň, binagärçiliginiň bolandygyny subut edýär. Kyrk ýyldan gowrak wagt bäri Marguş şalygynyň taryhyny öwrenip, bu babatda düýpli ylmy açyşlary eden meşhur arheolog W.I.Sarianidi eýýäm biziň eýýamymyzdan öňki III müňýyllygyň ahyrlarynda Marguşda Ýakyn we Orta Gündogarda aýratyn orun alan özbaşdak binagärçilik mekdebiniň bolandygyny tassyklady.
Gadymy döwürlerde dünýäni sarsdyryp, onuň üçden birine hökmüni ýöredip, 471 ýyl ýaşan beýik Parfiýa döwletiniň ilkinji paýtagty Nusaý galasy şäher gurluşygynyň ajaýyp subutnamasy hökmünde seleňläp otyr. Nusaý Günorta Türkmenistanyň arheologik toplumlaýyn ekspedisiýasy tarapyndan doly öwrenildi. Ol geçen asyryň 70-nji ýyllarynda akademik Ý.M.Masson tarapyndan öwrenildi.
Nusaý galasynda ýaşaýyş we jemgyýetçilik jaýlary, şol sanda köşk ymaratlary, ybadathanalar, suw howuzlary we beýleki desgalar bolupdyr. Jemgyýetçilik we köşk ymaratlarda daş sütünler, dürli möçberdäki we görnüşdäki bezeg plitalar-kerpiçler ulanylypdyr. Şeýle ymaratlaryň hataryna Nusaý galalaryndan tapylan «Inedördül», «Tegelek» zallar we «Merkezi diň» diýlip atlandyrylýan ymaratlar bar.
«Horasan şäherleriniň enesi» adyny alan Merw taryhyň dürli döwürlerinde-de öz meşhurlygyny saklap, şöhratlanyp geldi. IX asyrda Abbasy halyflygynyň paýtagty, XI asyrda beýik seljuk türkmenleriniň döwletiniň paýtagty bolan gadymy şäherde saklanyp galan arhitektura binagärçilik ýadygärlikleri müdimi juwan şäheriň dünýä ýaň salan şöhratly taryhyndan habar berýär. Orta asyrlarda ylmyň we medeniýetiň merkezi bolan Merw özüniň baý kitaphanalary, uzaklardan seleňläp görünýän ajaýyp binalary bilen köpleriň ünsüni özüne çekipdir.
Türkmen milletiniň şöhratly geçmişinde öçmejek yz galdyran ýerleriň biri hem Köneürgenç topragydyr. Köneürgenç şäheri gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan ylym-bilimiň mesgeni hökmünde bütin dünýäde meşhurdyr. Beýik akyldarlary orta çykaran gadymy Köneürgenç diňe bir ylmyň, medeniýetiň ösen ýeri bolman, eýsem bu toprak özüniň ajaýyp binagärçilik sungaty bilen-de uly meşhurlyga eýe bolupdyr.
Gahryman Arkadagymyz gadymy Ürgenç swilizasiýasy barada şeýle diýýär: «Horezm-Ürgeç swilizasiýasynyň bäş müň ýyllyk taryhy, dünýä derejesinde ykrar edilen baý arheologiýa we binagärlik ýadygärlikleri bar». Ürgenç şäheri Horezm binagärçilik mekdebiniň merkezi bolupdyr. Bu ýerde gurlan metjit-medreseler, kitaphanalar, aramgähler, minaralar beýleki desgalar öz binagärçilik aýratynlyklary bilen tapawutlanypdyr.
Ýokarda atlary agzalan, geçmişde öçmejek yz galdyran ajaýyp şäherlerimiziň taryhy ähmiýeti biziň günlerimizde barha artyp, umumadamzat üçin gymmatly ýadygärlikler hökmünde hasaba alyndy. 1999-njy ýylda Merwiň, 2005-nji ýylda Köneürgenjiň, 2007-nji ýylda Nusaýyň taryhy ýadygärlikleriniň, 2023-nji ýylda “Ýüpek ýoly: Zerewşan Garagum geçelgesi” atly desganyň ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi halkymyzyň milli taryhymyza, medeni mirasymyza bolan buýsançlaryny goşalandyrdy. Bu ýadygärlikleriň ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi olaryň diňe bir türkmen milleti we döwleti üçin däl, eýsem, umumadamzat üçin, bütin halkara jemgyýetçiligi üçin medeni we taryhy ähmiýetiniň örän uludygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Batyr Nazarly,
Türkmen oba hojalyk istitutynyň mugallymy