19-njy sentýabrda paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjekleriniň biri bolan «Garagum» myhmanhanasynyň ýanyndaky meýdançada Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady.Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, Arkadag we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de işewür toparlaryň wekilleri gatnaşdylar.Serginiň başynda medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren joşgunly çykyşlaryna uly ähmiýet berlip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara ugradan Gutlagy okaldy.
Serginiň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan işleri, döwlet maksatnamalarynyň we innowasion taslamalaryň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan çäreleri giňişleýin şöhlelendirýän tanyşdyryş çäreleri geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi 21-nji sentýabrda öz işini tamamlady.
Aýbek TAJYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy