Dünýäde ilatyň barha artmagy azyk meselesine çynlakaý çemeleşilmegini talap edýär. Ilatyň köpelmegi bilen bir hatarda, islegleriň hem günsaýyn artýandygyny ýatdan çykarmaly däl. Ykdysadyýetde şeýle bir şert bar: özüňde bar mümkinçilikleri peýdalanmak arkaly içerki islegleri kanagatlandyrmagy başarmaly.
Şunuň bilen baglylykda, «azyk howpsuzlygy» we «azyk garaşsyzlygy» diýen iki düşünje ýüze çykýar. Köplenç, olar manydaş ulanylýan bolsa-da, aslynda aýry-aýry mana eýedir. Mysal üçin, ýurduň gerekli azyk harytlaryny satyn almaga ykdysady kuwwatynyň bardygy we ilata gerekli azyk önümleriniň bökdençsiz ýetirilýändigi azyk howpsuzlygynyň üpjün edilýändigini aňladýar. Azyk garaşsyzlygy üçin bolsa içerki bazarda sarp edilýän umumy önümleriň azyndan 80 göterimi ýurduň çäginde öndürilýän bolmaly. Şol bir wagtyň özünde, içerki islegleri 100 göterim özüňden üpjünlemegiň mümkin däldigini-de unutmaly däl. Muňa ýurduň howa we geografik şertleri hem sebäp bolup biler. Mysal üçin, ekzotik miweleri hemme ýurtda ýetişdirip bolmaýar ýa-da peýniriň mysalynda düşündirenimizde, islegleriň ýokarlanmagy bilen, dünýä belli brendleri, isleseň-islemeseň, daşary ýurtlardan satyn almaly bolýar. Aýdaly, golland peýniri diňe Niderlandlar Patyşalygynda öndürilýär. Şonuň üçin ony hökman import etmek zerurlygy ýüze çykýar. Peýniri ýurduň içinde-de öndürmek mümkin, ýöne bu ýerde brendleşen önümlere isleg göz öňünde tutulýar.
Ýurduň ykdysady taýdan kuwwatly bolmagy üçin iň esasy şert — eksporty artdyrmak
Türkmenistanda eksporty ýokarlandyrmakda, hususan-da, oba hojalyk önümleriniň daşarky bazara ugradylýan möçberini artdyrmakda uly mümkinçilikler bar. Sebäbi bize golaý ýurtlar bolan Russiýa Federasiýasyna, Gazagystana, Gyrgyz Respublikasyna, hatda Özbegistana-da gyş aýlarynda ýyladyşhanada ýetişdirilen gök-bakja önümleriniň we miweleriň has köp mukdaryny iberip bileris. Biziň bu babatda artykmaç taraplarymyzyň biri ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerini ýetişdirýän telekeçileriň döwlet tarapyndan salgytlardan boşadylmagy hem-de energiýa zerurlyklary üçin tölegleriň ujypsyzdygy sebäpli, Türkmenistanda önümiň özüne düşýän gymmatynyň ep-esli derejede arzanlygydyr.
Ýurdumyzda ýyladyşhanalary has-da köpeltmegiň zerurdygyna ünsi çekesimiz gelýär. Bilşimiz ýaly, ýyladyşhanalaryň «horizontal-farming», döwrebap, adaty we energiýa tygşytlaýjy görnüşleri bar. Şu makalamyz bolsa başlangyç maýa goýumy az talap edýän hem-de islendik ýerde gurmak mümkin bolan energiýa tygşytlaýjy ýyladyşhana barada. Onuň sadalygy islendik adaty daýhanyň şeýle ýyladyşhanany gurup biljekdigini aňlatsa, örän az mukdarda energiýa talap edýändigi (ýurdumyzyň günorta sebitlerinde hatda hiç hili energiýa zerurlyk bolman biler) islendik ýerde şeýle ýyladyşhanadan önüm alyp boljakdygyna esas berýär.
KOÇMURADOW ŞATLYK
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby