Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşlygynda türkmen zenanlaryna aýratyn gadyr-gymmat, hormat-sarpa goýlup, olaryň mertebesi belende göterilýär.
Mukaddes ata Watanymyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde we tutuş Ýer ýüzünde Halkara zenanlar gününiň baharyň ilkinji günlerinde bellenilýändiginde hem çuň many-mazmun bar. Mährem eneler, gelin-gyzlar Zeminiň görki, dünýäniň bezegi hasaplanýar.
Türkmenlerde zenan maşgala aýratyn hormat-mertebe bildirilýär. Zenan dünýäniň bezegi, ýaşaýşyň dowamaty, öýüň diregi hasaplanýar. Maşgalada perzentler enäniň hüwdüsi, berýän terbiýesi bilen ösüp ulalýarlar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda: «Meniň üçin ähli eneleriň hem doga zehinlidigi, düşbüligi, pähimlidigi, ukyplydygy baradaky düşünje adaty zat. Tebigatyň eneleri owalynda ýaradyşy hem şeýle. «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» kitaplarymy ýazanymda-da, bu hakykata ýüzlenipdim. Türkmen zenanlary il-halkymyza şeýle üýtgeşik sungaty serpaý eden mähribanlar» diýen setirler edep-terbiýäniň nusgasy bolup, ýaşlary terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.
Halkymyzda «Zenan begense, Zemin begener» diýen ganatly söz bar. Zenanlaryň bagty dünýäniň bagtydyr, Watanyň abadançylygydyr. Zenanlaryň şatlygy tutuş adamzadyň şatlygydyr. Döwletli döwranymyza buýsanyp ýaşaýan eneleriň, mähriban gelin-gyzlaryň sarpasy hemişe, baýdak ýaly belentdedir. Munuň şeýledigine Döwletli döwranymyza buýsanyp ýaşaýan eneleriň, mähriban gelin-gyzlaryň sarpasy hemişe, baýdak ýaly belentdedir. Munuň şeýledigine «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan 2025-nji ýylymyzyň 21-nji fewralynda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gol çeken Buýrugy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2025-nji ýylyň 1 — 6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 manat möçberde pul sowgadyny dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.
Zemini güle besläp ýetip gelen bahar paslynda ýurdumyzda uly ruhubelentlik bilen bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen ähli gelin-gyzlarymyzy, ene-mamalarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys!
Läle Aliýewa,
Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň woleýbol boýunça tälimçi mugallymy.