Biz dünýäde bar bolan mukaddeslikleriň ählisini zenanlarymyza deňeýäris. Çünki diňe zenanlar mukaddesliklere deňelmäge mynasypdyrlar. Kämil derejä ýetirilen däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirmek bilen, ýurdumyzy kuwwatly döwlete öwürmek ugrunda özleriniň saldamly goşandyny goşýan zenanlarymyzyň baýramçylygy her ýylyň 8-nji mart “Halkara zenanlar güni» hökmünde dünýäniň ähli sebitlerinde halkara derejesinde giňden bellenilip geçirilýär.
Maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy hökmünde zenanlaryň, gelin-gyzlaryň mertebesini belent tutmak türkmen halkynyň örän gadymy döwürlerden gözbaş alýan gymmatly ýörelgesidir. Gyz-gelinleriň haýalylygy, sabyr-takatlylygy, edasy iliň genji-hazynasydyr diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Gelin-gyz gözelligi diýlen düşünjede-de ruhy gözelligi-de, keşbiň, egin-eşigiň, edebiň, gylyk-häsiýetiň gözelligini-de öz içine alýar. Sözüň hakyky manysynda gözel bolmak üçin diňe keşbiň gözelligi ýeterlik bolman, eýsem, tutuş ynsanlyk durkuň gözel bolmagy gerekdir. Muny bolsa, dürli döwürlerde türkmen topragyna syýahat eden alymlaryň, etnograflaryň türkmen gelin-gyzlarynyň ýüz keşpleriniň tebigy owadanlygynda, geýinmek medeniýetiniň has hem millilikdiginde gürrüň bermeklerinde aýdyňlygy bilen görmek bolýar.
Zenan diýlende, ilki bilen ahlak taýdan arassa, merdem, parasatly, ojak eýeleri göz öňüňde janlanýar. Zenanlar ýöne ýerden bahar paslynyň ýazlaryna deňelenok. Bu pasla mahsus ähli ajaýyplyklar mährem gelin-gyzlaryň häsiýetlerinde jemlenýär. Olaryň gülden görkli nurana ýüzleri, jana ýakymly şirin sözleri, melhem ýaly mylaýym elleri umuman, tebigatyň ähli gözelliklerini olaryň päkize gözlerinden görmek bolýar.
Goý, ata Watanymyzyň şan-şöhratynyň barha artýan döwründe halkymyzy jebisleşdirýän, belent sepgitlere ruhlandyrýan güler ýüzli mähriban enelerimiziň, kalby derýa kimin joşgunly gelin-gyzlarymyzyň mertebesi hemişe belent bolsun!
Milli gylyk-häsiýetleri özinde jemleýän, Watana, il-güne, maşgala ojagyna wepaly, zähmetsöýer, mähir-muhabbetini, söýgisini nesil terbiýesine bagyş edýän güler ýüzli, mylaýym sözli zenanlarymyz, mylakatly, dilleri senaly enelermiz, bahar gülleri ýaly owadan gyzlarymyz ajaýyp baýramyňyz gutly bolsun!
Kakaýewa Çemen,
Daşoguz şäheriniň 13-nji orta mekdebiniň mugallymy