Türkiýäniň demirgazyk-günbatarynda bir ýaşaýjy öýüniň howlusynda öý işleri bilen meşgullanýarka, tötänleýin näbelli siwilizasiýanyň yzlaryny tapdy.
Alymlaryň pikiriçe, adam süňkleriniň galyndylary we gadymy eserler 8500 ýyldan gowrak wagty öz içine alýar. “Hurriyet Daily News”-yň berýän habaryna görä, alymlar sensasion açyş barada iki ýyl ozal öwrendiler, emma şu wagta çenli bu barada islendik maglumatlary seresaplylyk bilen gizlediler. Türkiýäniň bir ýaşaýjysy ýerdäki üýtgeşik zatlara büdräp, tapyndylary öwrenmek üçin hünärmenler üçin arheologlara ýüz tutdy. Alymlar deslapky gazuw-agtaryş işleriniň netijeli boljakdygyna umyt etmediler. Şeýle-de bolsa, olar iki ýyldan gowrak wagt alyp, doly arheologiki gözleg işlerini geçirdiler. Köp gatly jaýyň howlusynda geçirilen meýdan işleriniň netijesinde alymlar takmynan 8500 ýaşyndaky 11 adamyň süňküni, şol bir wagtyň özünde üç deşikli saz gurallaryny tapdylar.
Arheologlar çörek we makaron ýasamak üçin ulanylýan bugdaýyň dürli görnüşlerini, mekgejöwen we arpa ýaly däneleri tapdylar. Gazuw-agtaryş işleriniň başlygy Erkan Fidan: «Bu ýere 9,000 ýyl mundan ozal gelen we bu ýerde on asyr töweregi galan adamzat jemgyýetleriniň ilkinji obalaryny tapdyk»-diýip belleýär. Sebitde ýaşaýanlaryň nädip ekerançylyk bilen meşgullanýandyklaryny we haýwanlary eldekileşdirýändigini hem sözüniň üstüne goşdy. Gözlegçiler taryhdan öňki döwürde bu ýerde özlerine näbelli bir şäherçäniň bolup biljekdigine ynanýarlar. Şol bir wagtyň özünde, hünärmenler tapyndylary belli siwilizasiýalaryň hiç birine degişli edip bilmediler. Näbelli galyndylar Hajettepe uniwersitetiniň Antropologiýa bölüminiň barlaghanasynda jikme-jik öwreniler. Alymlar «ýakyn geljekde bu adamlaryň ýaşy, keselleri we haýsy iýmit iýendikleri barada köp zat öwrenmäge çalyşýarys» — diýýärler.
Arazbagt PALTAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby