Jemgyýet

“Watan goragçylarynyň güni” mynasybetli 32 sany ýaşaýyş jaýlary açylyp ulanylmaga berildi

Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin iki gatly kottej ýaşaýyş jaýlary açylyp ulanylmaga berildi.

“Watan goragçylarynyň güni” mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreleriň çäklerinde açylyp ulanylmaga berilen bu ýaşaýyş jaýlar ýerli gurluşykçylar tarapyndan guruldy. Gurulyp ulanylmaga berilen bu ýaşaýyş jaýlary häzirki zaman şertlerine gabat gelip, giňligi we ýagtylygy bilen tapawutlanýar. Her biri 6 otagdan ybarat bolan bu täze jaýlaryň umumy meýdany 263 inedördül metre ýetýär.

Täze döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasynda welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň şowhunly aýdym-sazlaryna giň gerim berildi. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary jaý toýunyň dabarasyny has-da artdyrdy.

Habary paýlaşyň: