Türkmenistanyň Merkezi bankyna “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankyna “Türkmengaz” döwlet konsernine we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça göz öňünde tutulan işleri maliýeleşdirmek üçin degişli möçberdäki karz serişdelerini bölüp bermek tabşyryldy. Degişli Karara düýn Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe-ykdysadyýet we nebitgaz toplumlarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda gol çekdi.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynyň ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin möhümdigini göz öňünde tutup hem-de pudagy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, «Türkmengaz” döwlet konsernine jemi 159 million 530 müň 900 manat möçberinde we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna 75 million manat möçberde maýa goýum serişdesini bermek barada karara gelendigini aýtdy.