Her ýylyň 22-nji aprelinde diňe bir uly däl, eýsem hakykatdan hem global baýramçylyk — Halkara ene ýer güni bellenilýär. 1 milliarddan gowrak adam tarapyndan bellenilýän bu baýramçylygyň maksady daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine ünsi çekmek bolup durýar. 2024-nji ýylda bu baýramçylyk “Planeta plastiklere garşy” resmi mowzugy bilen geçirilýär.
Baýramçylyk 2009-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 63-nji sessiýasynda (50-den gowrak agza döwlet tarapyndan hemaýatkärlik edilýän A/RES/63/278 rezolýusiýa) döredildi we 2010-njy ýyldan bäri 22-nji aprelde bellenilip geçilýär.
Baş Assambleýanyň 63-nji sessiýasynyň başlygy Migel d’Eskoto Brokman bu Halkara günüň rezolýusiýasynyň jar edilmeginiň Ýeriň we onuň ekosistemalarynyň biziň öýümizdiginiň, onuň adamzadyň ýaşaýşyny üpjün edýändiginiň, şeýle hem BMG-niň Daşky gurşaw konferensiýasynda we 1992-nji ýylda Rio-de-Žaneýroda gazanylan borçnamalary tassyklamagyň ykrarnamasydygyny aýdýar. Şonuň üçin häzirki we geljek nesilleriň ykdysady, sosial we daşky gurşaw zerurlyklarynyň arasynda adalatly deňagramlylygy gazanmak üçin tebigat we Ýer planetasy bilen sazlaşygy ösdürmeli.
Şeýle hem, kararda “Ene ýer” adalgasynyň köp ýurtda kabul edilýändigi we planetanyň, ekosistemalaryň we adamlaryň arasyndaky baglanyşygy görkezýändigi aýdylýar. BMG-niň ähli agza ýurtlary “Halkara ene ýer gününi” bellemäge çagyrýan Baş Assambleýa, bu baýramçylygyň eýýäm köp ýurtda her ýyl bellenilip geçilýändigine ünsi çekdi.
Demirgazyk ýarym şarda “Halkara ene ýer güni” ýazda, Günorta ýarym şarda bolsa güýzde bellenilýär. Bu dünýädäki hereketiň esasy maksady, jemgyýetiň we ýer ýüzündäki her bir adamyň ünsüni Ýeriň meselelerine, daşky gurşawyň meselelerine çekmek we adamzady goramak üçin ýüzbe-ýüz bolýan kyn meseleleri öwrenmäge mümkinçilik berýär.
Her ýyl dünýäniň dürli künjeginden gelen alymlar bu gün global daşky gurşaw meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin tegelek stoluň başyna ýygnanýarlar. Dürli ýurtlarda Belli bir mowzuga bagyşlanan dürli çäreler we mahabat çäreleri gurnalýar. Ýagny konferensiýalaryň, sergileriň gurnalmagy, uly şäherleriň köp köçelerinde ulag ýollaryň ýapylmagy, sebiti arassalamak we agaç nahallaryny oturtmak işleri geçirilýär.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby