Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi “Samsung” mobil internet brauzeriniň ulanyjy tejribesini ýokarlandyrmagy dowam etdirýär. Bu gezek suratdan teksti göçürmek ukyby meşhur programma girýär.
Samsung ykjam internet brauzerini ösdürmegiň üstünde işlemegini dowam etdirýär.
Günorta Koreýa kompaniýasy Samsung Internet v18-iň beta wersiýasyny çykardy. Täze wersiýa ulanyjynyň tejribesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen käbir täze aýratynlyklary öz içine alýar.
Samsung internet brauzeri indi goýlan teksti suratlardan çykarmaga mümkinçilik berýär. Täze wersiýa bilen ulanyjylar suratlardaky tekstleri saýlamaga we göçürmäge, şeýle hem terjime etmäge we paýlaşmaga mümkinçilik alarlar. Şeýle-de bolsa, enjamda käbir çäklendirmeler bar.
One UI4.1.1 talap edýär
Teksti saýlamak aýratynlygynyň diňe Android 12 esasly One UI 4.1.1 işleýän telefonlar üçin elýeterlidigi aýdylýar. Şonuň üçin “Galaxy” telefonlarynyň hemmesi entek bu aýratynlygy ulanyp bilmez. “Samsung” -yň brauzeriň interfeýs dizaýnynda hem käbir üýtgeşmeler girizendigini goşalyň.