Weather Data Source: wetterlabs.de
«Türkhowaýollary» awiakompaniýasy Türkmenbaşydan Stambula ýörite uçuşy amala aşyrar - Türkmenistan - Gorogly.com

«Türkhowaýollary» awiakompaniýasy Türkmenbaşydan Stambula ýörite uçuşy amala aşyrar

Türkiýäniň «Türkhowaýollary» awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň 26-njy martynda Stambul—Türkmenbaşy—Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada atavatan-turkmenistan.com web saýtynda habar berilýär.

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň telegram sahypasynda habar berlişi ýaly, nobatdaky guralýan ýörite uçuşdan Türkmenistanda wagtlaýyn bolsan Russiýanyň raýatlarynyň hem peýdalanyp bilinjekdigi aýdylýar.

«Gorogly.com» web saýtymyzda ozal hem habar berşimiz ýaly Türkiýäniň «Türkhowaýollary» awiakompaniýasynyň guran ýörite uçuşlary şu ýylyň 9-njy martynda Stambul—Aşgabat—Stambul, 14-nji martda bolsa, Stambul—Türkmenbaşy—Stambul ugurlary boýunça amala aşyrdy.

Dünýäde ýüze çykan pandemiýa sebäpli girizilen çäklendirmeleriň dowamynda beýleki ýurtlar bilen birlikde, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky yzygiderli howa gatnawlarynyň 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadylandygyny bellemek gerek.

Habary paýlaşyň:

Добавить комментарий