Futbolyň şasy hasaplanýan braziliýaly Pele 82 ýaşady. Şu gün futbolda ähli döwürleriň iň ägirdi hasaplanýan Peläniň doglan güni bolup, ol 1940-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Braziliýanyň Minas-Žeraýs welaýatynyň Tres-Korasoýns şäherinde dünýä inýär.
Ýaşlykdan özüni futbola aldyran Pele ilki 13 ýaşynda «Bauru» klubunyň çagalar düzüminde oýnaýar. 1956-njy ýylda bolsa özüniň ykbalyny baglan «Santos» toparyna geçýär. Doly ady Edson do Nasimento bolan Pele bu klubda 1974-nji ýyla çenli çykyş edýär. Ol bu klubda, resmi maglumatlara görä, 659 oýunda 643 goly derwezä girizýär.
1957-nji ýylda entek 16 ýaşyndaka Braziliýanyň milli ýygyndysynyň köýnekçesini egnine geýen Pele ony 1971-nji ýyla çenli çykarmaýar. Ol bu 14 ýyllyk döwre 3 Dünýä Kubogynyň çempionlygyny sygdyryp, ol 3 gezek Dünýäniň çempiony bolan ýeke-täk futbolçydyr.
Pele Braziliýanyň ýygyndysynda 92 duşuşykda 77 gol geçirýär. Ol gol geçirmekde milli ýygyndynyň rekordynyň eýesidir. Karýerasyndan soň hemişe Dünýäniň iň ökde futbolçysy diýen ugurda 2 ýyl öň aradan çykan merhum Diego Maradona bilen deňeşdirilen Pele köpler üçin sanawyň 1-njisi, köpler üçinem 2-njisi, täze nesiller üçinem 3-4-nji orunda barýar.
Karýerasy, şahsy durmuşy barada ençeme filmdir dokumental filmler surata düşürilen Peläniň geçiren gollarynyň sany-da hemişe jedelli ýagdaýda bolup, onuň umumylykda 840 oýunda 775 goly bar. Ýöne Peläniň öz ýöreden hasabatyna görä, gollarynyň sany 1200-den hem geçýär. Hatda ol bu babatda 1363 oýunda 1279 gol bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna-da adyny ýazdyrmagy başarýar.
«Ýüpek ýoly» halkara rallisinde raýatlarymyz ýeňiş gazandylar
Pele Braziliýanyň milli nyşany, hazynasy hökmünde görülýändigi üçin Ýewropa transfer bolmagyna rugsat edilmeýär. Ol karýerasynyň soňky 3 ýylyny ABŞ-nyň şol wagtky «Nýu Ýork Kosmos» klubunda geçirýär. Ol bu toparda 3 möwsümde jemi 107 oýunda 66 gezek tapawutlanýar. «Santos» bilen Braziliýanyň 6 gezek çempiony bolýar. Libertadores kubogyny 2, Interkontinental kubogy 2, Interkontinental Super kubogy 1, Paulista çempionatynda (Sao Paulo ştatynyň çempionaty) 10, şeýle-de Rio-Sao Paulo ýaryşynda 4 gezek çempionlyk gazanýar.
Şahsy baýraklarynyň sany-sajagy bolmadyk Pele 3 gezek öýlenýär. Futbol ussadynyň 7 çagasy bar. Şolardan diňe Edinio futbolçy bolup, ol häzirki wagtda tälimçilik edýär. FIFA tarapyndan geçen asyryň futbolçysy saýlanan Pele 1999-njy ýylda «Time» žurnalynyň yglan eden 20-nji asyryň iň möhüm 100 şahsyýeti sanawyna-da adyny ýazdyrýar. Pele 1995 — 1998-nji ýyllar aralygynda Braziliýanyň sport ministri wezipesinde hem işleýär. Diňe Dünýä Kubogy bilen baglanyşykly birnäçe rekordy (kubogy iň köp eýelän, iň ýaş çempion, gol geçiren iň ýaş, het-trik eden iň ýaş, finalda oýnan iň ýaş, finalda gol geçiren iň ýaş futbolçy, iň köp asist eden futbolçy…) özünde saklaýan Pele 1959-njy ýylda 127 gol geçirip, bu ugurda-da iň ýokary görkezijiniň eýesidir.
Çeşme: Salanews.tm