Şu gün Gökdepe etrabynyň çäginde Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan geçirilen ýörite çäreleriň dowamynda ele salnan neşe serişdelerini we bikanun ýol bilen getirilen temmäki önümlerini ýok etmek çäresi boldy diýip, TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, bu çärä Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň wekilleri, Hökümetiň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, şeýle hem hormatly ýaşulular gatnaşdylar.
Türkmenistan syýahatçylary özüne çekmek üçin Awazada ýörite wiza düzgünini girizmegi meýilleşdirýär
Bu çäre sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan syýasat bilen baglylykda, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekde Türkmenistanyň öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirýändigini aýdyňlygy bilen görkezdi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine ählumumy howpa garşy durmakda uly ähmiýeti bolan bu asylly başlangyja gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.
Çeşme: Turkmenportal.com