Psihologlar 1000 sany ýaş hünärmeniň gatnaşmagynda gyzykly synag geçirdiler. Sorag-jogap berlenleriň ählisi iki topara bölündi. Biri belli bir wagtda otag gülleri bilen bir otagda, beýlekisi ösümliksiz işledi. Gatnaşyjylara tekstiň böleklerini ünsli diňlemegi we ýatda saklamak tizligini kesgitlemek tabşyryldy. Synagyň birinji tapgyrynda hiç bir otagda ösümlik ýokdy. Adamlar teksti sesli okaýarlar we synagçylar her sözlemdäki soňky sözüň ýatda saklanýandygyny barladylar. Gatnaşyjylar bu sözleri depderlerine ýazypdyrlar. Ikinji tapgyryň başynda, depderler aýryldy we gatnaşyjylaryň birinji topary otag güllerini aldylar. Ikinji tapgyryň wezipesi, tekstdäki ýalňyşlyklary tapmak we olary düzetmek bolupdyr. Üçünji tapgyr birinji gezekdäki şertleri gaýtalady,emma ahyrkydan öňki sözi ýatda saklamalydy. Üç basgançakdan soň, otaglarda ýaşyl ösümlikleri bolan birinji toparyň üçünji tapgyryň netijelerini birinji basgançakdan üçden ýokarydygy ýüze çykdy. Ösümliksiz otagda oturan ikinji topar birinjisinden 39% erbet netije aldy. Alymlar bu tapawudy şeýle düşündirdiler: adam otag gülleriniň ýanynda bolsa, stres derejesiniň peselmegi sebäpli iş ukyby ýokarlanýar. Ýaşyl ösümlikler beýnini rahatlandyrýar, olaryň golaýda bolmagyny, beýni, seýilgähde gezelenç hökmünde kabul edýär. Mundan başgada, ösümlikler adamyň ünsüni has oňat jemlemäge ýardam edýän howany arassalaýar.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby