Dik ferma düşünjesi Kolumbiýa uniwersitetiniň professory Dikson Despomme 1999-njy Nýu-Ýorkdaky giň jaýlaryň, üçeklerini sebit hökmünde ulanyp, ýyladyşhana usuly bilen näçe ösümlik iýmitiniň öndürilip biljekdigini hasaplamak üçin gözleg geçirildi. Bu işi amala aşyran aspirantlar şeýle fermalaryň 1000 töweregi adamy iýmitlendirip biljekdigi barada netijä geldiler. Bu netijelerden nägile bolan Despomme jaýlarda ösümlikleri ösdürmäge mümkinçilik berýän emeli ýagtylandyrylan, gidroponika we aeroponika tekjelerden ybarat bolan, 50000 adamy iýmit bilen üpjün edip biljek 30 gatly dik ferma taslamasyny teklip etdi.
2020-nji ýyla çenli dünýäde takmynan 30 gektar işjeň dik fermalar bar boldy. Döwrebap köp tekjeli fito yşyklandyrjyly, suwaryş we dökün üpjünçiligini awtomatlaşdyrmak arkaly bir meýdanyň hasylyny 5 ýa-da ondan hem köp ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Dik ferma taslamasy aşakdaky häsiýetlere eýedir:
Tebigy şertlere bagly bolmadyk durnuklylyk.
Informasion tehnologiýalary ulanyp, ösümligiň ösüşiniň optimizasiýasyna gözegçilik etmek.
Adaty oba hojalyk önümçiligi bilen deňeşdirilende sarp sarp edijiligi 95% azaltmaga mümkinçilik berýän, suw ýygnamak we arsasalamak ulgamlaryny ulanmak.
Kömürturşy gazynyň sarp edilmegi.
Zyýankeşleriň we keselleriň döremezligini üpjün etmek, ösdürilýän ýerleriň howasyny arassalamak we ionlaşdyrmak, pestisidleriň, gerbisidleriň we inteksetidleriň ulanmak.
Önümçiligi aňsat giňeltmek mümkinçiligi bilen çeýe dizaýn.
Şäherleriň çäginde, gaýtadan gurlan senagat infrastruktura desgalaryna ýerleşmek mümkinçiligi.
Energiýa garaşsyzlygy (gün we ýel energiýasy ulanylanda).
Abat Saparowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby