Çowdary (Sekale) urugyna degişli bir- we köpýyllyk ösümlik bolup, däneliler (gyrtyçlar) maşgalasyna girýär. Boýy 20-200 santimetr. Gül toplumy — inçe uzyn we süýri sümmül (baş). Sümmülde başjagazlar bir-birden ikileýin dik hatar boýunça okuň daşynda ýerleşýär. Dänesiniň uzynlygy 6-10 millimetr. Çowdarynyň hemme görnüşleri atanaklaýyn tozanlanýar. Ỳabany görnüşleriniň öz-özünden tozanlanmagy mümkin. Çowdarynyň käbir maglumatlar boýunça 14-e çenli görnüşi bar. Ekilýän medeni çowdara S.çereale diýilýär.
Çowdary bugdaýdan we arpadan soň medenileşdirilipdir. Çowdary bürünç asyrynyň ahyrlarynda Zakawkazýede döredilipdir, medenileşdirilipdir diýlip bellenýär. Bu sebit onuň ýüze çykan medeni merkezi hasaplanýar we ýabany görnüşleri-de şu ýerde köp duşýar. Dünýä ekerançylygynda çowdarynyň ekilýän meýdany 17,6 million gektardan gowrak. Güýzlük çowdary ýokary hasylly ekin hasaplanýar. Emma onuň hasyllylygy güýzlük bugdaýdan pesdir. Onuň ortaça hasyllylgy gektardan 18 sentnere golaý. Öňde barýan hojalyklarda çowdarynyň hasyllylygy 35-40 s/ga. Döwlet sort meýdanlaryndaky hasyllylyk gektardan 70-80 sentnere ýetýär.
Çowdarynyň tohumy 1-20C ýylylykda gögerip başlaýar, 300C-den ýokary derejede tohum gögermeýär. Tohumyň ýerden gögerip çykmagy üçin iň ýaramly ýylylyk 6-120 C. Tohumyň ýerden gögerip çykmagy üçin netijeli ýylylygyň jemi 500C, gögerenden şahalanyşa-çogdamlanyşa çenli-670C. Güýzlük çowdary däneli ekinleriň içinde aýaza, gyşa iň durnukly ekindir. Talaba laýyk ösdürilip ýetişdirilen çowdary-25-300C hatda ondan hem güýçli aýaza durnuklydyr.
Çowdarynyň ot-iýmlik möhüm ähmiýeti bolup, dänesi, ýarmasy mallar üçin örän ýokumly we gymmatly ot-iým hasaplanýar. Çowdarynyň 1 kilogram iýmit birligine, samany — 0,21 iýmit birligine deň bolýar. Çowdary çöregi özüniň düzüminde doly bahaly beloklary we witaminleri saklaýar. Özleşdirilişi bugdaý çöreginden pes bolsa-da, onuň kaloriýalylygy we tagamy gowudyr.
Ogulmaýsa Garaýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby