Göräýmäge, diñe gulagy bar bolan janly — jandarlar eşidip bilýän ýalydyr. Emma şeýle-de bolsa,
XX asyrda geçirilen birnäçe barlaglar ösümlikleriň ösüşine hem aýdym-sazlaryň täsir
edýändigini subut etdi.
Ösümlikleriñ boý almagy we hasyllygynyñ ýokarlanmagy üçin haýsy saz gowy?
Alymlar aýdym-sazyñ ösümliklere edýän täsirini öwrenip, ösümlikleriň ses ýygylyklaryna we
intensiwligine jogap berýändigini subut etdiler. Ösümlikleriñ ösüşi esasan ses ýygylyklaryna
baglydyr. Şeýlelik bilen, 6 kGs ýygylygy bolan tolkunlarda ösümlikler has çalt, 7-9 kGs
ýygylykda has haýal ösýärler. 10 kGs-dan ýokary bolanda ösümlik ýaşamagyny bes edýär.
Alymlaryñ pikiriçe, ösümliklere sesiň edýän täsiri energiýanyñ toplanmagyna we ösümlikde
madda çalşygyny çaltlandyrýan rezonans mehanizmine esaslanýar. Rezonans, daşky täsiriň
çeşmesiniñ yrgyldysynyň ýygylygynyň ulgamdaky tebigy yrgyldylaryñ ýygylygyna ýakynlaşsa,
islendik ulgamdaky yrgyldylaryñ amplitudasynyň birden ýokarlanmagy bilen bolup geçýän
fiziki hadysadyr. Ses signaly ösümlik öýjüklerinde we dokumalarynda rezonans ulgamlary
bilen kabul edilýär we bu yrgyldamalaryñ amplitudasy olary ýokarlandyrýar. Netijede
ösümligiñ öýjüklerinde we dokumalarynda bolup geçýän prosesleriñ intensiwliginde ösüş
bolýar.
Ösümlikleriñ R.Bahyñ sazyna oñyn jogap berendikleri, baldaklaryñ ses çeşmesine tarap
çekilendigi synag arkaly barlanyldy. Dürli ýurtlarda şuña meñzeş synaglaryñ köpüsi geçirildi.
Saz diñledilen bugdaý nahallarynyñ himiki düzümini öwrenmek bilen, gözegçilik edilýänler
bilen deñeşdirilende A witamini 20 esse, B we C witamini 5 esse köplügi subut edildi. Dürli
çynlakaýlyk bilen şeýle synaglary geçirmek mümkindir. Emma hakykat hakykatlygyna galýar —
ösümlik öýjükleriniñ protoplazmasynyñ hereketi sazyñ täsiri astynda çaltlanýar.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.