Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty «Asia University Rankings — 2022» atly iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girmegi başardy. Adatça, bu sanaw «Times Higher Education (THE)» britan žurnaly tarapyndan her ýyl taýýarlanýar. Bu barada timeshighereducation.com web saýtynda habar berilýär.
Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň 2022-nji ýyldaky reýtinginde 31 sebitden 616 uniwersitet bar. Bu sanawda öňdeligi Hytaýyň uniwersitetleri eýeledi. Şeýle hem Ýaponiýa sanawda iň köp ýokary okuw mekdebi bilen wekilçilik eden ýurtlaryň biri boldy. Mundan başga-da, sanawdaky ilkinji 100-likde Saud Arabystany Patyşalygynyň uniwersitetleriniň sany 4-den 6-a çykdy. Ilkinji gezek Palestinanyň uniwersiteti hem sanawa goşuldy.
Geçen ýyl hem Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty «Times Higher Education (THE)» žurnalynyň bütindünýä sanawyna girizilipdi we onda-da ilkinji gezek şol sanawda orun alypdy. Şeýle hem bu institut şu ýylyň fewralynda dünýäniň ýaş ýokary okuw mekdepleriniň abraýly «THE World Young University Rankings — 2022» sanawyna girizildi.