Her ýylyň 31-nji oktýabrynda dünýäniň köp ýurtlarynda Bütindünýä tygşytlaýyş güni bellenilip
geçilýär. 1924-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Italiýanyň Milan şäherinde geçirilen I Tygşytlaýyş
Banky Kongresiniň Tygşytlaýyş banklarynyň gurultaýynda italiýaly professor Filippo Rawizza
31-nji oktýabry “Bütindünýä tygşytlaýyş güni” diýip bellemek barada teklip berýär. Pul tygşytlamak
durmuşymyzda has möhüm orny eýeleýär. Çünki pul tygşytlamak ýurduň ykdysady ösüşi üçin
hem möhümdir. Ondan öň hem käbir ýurtlar milli tygşytlylyk gününi belleýärdiler. Bütindünýä
tygşytlaýyş gününi gurnaýan banklaryň esasy maksady, köp ýurtlaryň banksyz ösýändigi
baradaky meselelere ünsi çekmekden ybaratdyr. Käbir ýurtlarda ýörite tygşytlaýyş banklary
hereket edýär. Bu baýramçylyk käbir ýurtlarda 30-njy oktýabrda bellenilýär.
Esen AMANKULYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby