Parnik täsirini azaltmak üçin kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak dünýäniň global meselesi bolup durýar. Ony çözmegiň başga bir usuly rus alymlary tarapyndan işlenip düzüldi. Ýagny olar gazyny ýönekeý we amatly ýagdaýda senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin täze ýokary katalizator aldylar. Iň köp ýaýran parnik gazy bolan kömürturşy gazyny gaýtadan işlemegiň has geljegi uly usullaryndan biri hem onuň wodorod bilen täsirleşmesiniň sintez gazyny, dürli uglewodorodlary, spirtleri we himiýa pudagynda ulanylýan beýleki maddalary emele getirmegidir. Bütin dünýädäki alymlar “ýaşyl” ykdysadyýet üçin kömürturşy gazynyň gaýtadan işlenişini ýokarlandyrmaga ukyply, ýeterlik derejede täsirli we çydamly katalizatorlary tapmak üçin göreşýärler. MISIS Ylym we Tehnologiýa Uniwersitetiniň alymlary, Moskwa Döwlet Uniwersitetiniň we N. D. Zelinskiý Organiki Himiýa Institutynyň kärdeşleri bilen bilelikde kömürturşy gazyny gaýtadan işlemek üçin kobalt-nikel katalizatorlaryny almagyň täze ýönekeý usulyny oýlap tapdylar. Bu katalizatorlar gözenekli we köpükli ýokary işjeň bölejikleri emele getirýän nano ölçegli däneli köp mukdarda ergin hökmünde alyndy. Bu gurluş kobaltyň nikel bilen sinergistik täsiri sebäpli katalizatorlar kömürturşy gazynyň molekulalary bilen has güýçli täsirleşýänligi we bar bolan analoglar bilen deňeşdirilende ýokary durnuklylygy bilen häsiýetlendirilýär. Alymlar reaktiw zol-gelleri ýakyp, şeýle katalizatorlary almagyň tizligini we ýönekeýligini üpjün etdiler. Az mukdarda energiýa, bir kub millimetre çenli kiçijik göwrümi gyzdyrmak üçin ýeterlikdir, soňra sintez goşmaça energiýa çykdajylary bolmazdan özbaşdak ýagdaýynda dowam edýär. Katalizatorda ulanylýan kobalt gözenekli mikrostrukturanyň emele gelmegine goşant goşýar we nikeliň katalitik häsiýetlerini üç esse ýokarlandyrýar. Geljekde ylmy topar täze täsirli we durnukly katalizatorlary gözlemegi dowam etdirmegi meýilleşdirýär.
Parahat NURULLAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy