Täze sort tohumlaryň dökülmegine durnukly we çäksiz beýiklikde ösüp bilýär. 2023-nji ýylyň
dowamynda ol sort synagy üçin ýörite barlag toparyna tabşyrylar.
Sebitiň Oba hojalyk ministrliginiň aýtmagyna görä, Agrobiotehnologiýalar boýunça Federal Altaý ylmy
merkeziniň alymlary “Çaryş” ekilýän nohutlarynyň täze sortuny döretdiler. Bu sort “Gyzyl jar” we
“Talowes 55” gibrid birleşmesinden aýratyn saýlama usuly bilen ösdürilip ýetişdirildi. Ol “ecaducum”
görnüşine degişlidir. Täze sort kesgitlenmedik görnüşdäki ösümlik bolup, 100 santimetre çenli ösüp
bilýär. Onuň düzüminde belogyň köp saklanmagy azyklyk we ot-iýmlik däne hökmünde ulanmaga
mümkinçilik berýär. «Çaryş», ortaça 73-83 günüň içinde bişýän orta möwsümli sortlara degişlidir.
Düzüminde 26,5% -e çenli belok saklaýan orta ölçegli tohumlary bar. Sortuň tapawutly aýratynlygy, hasyl
ýygnalýan döwründe ýitgileriň azalmagyna ep-esli täsir edýän tohumlaryň dökülmegine garşy
durnuklylygydyr.
Döwran BAÝRAMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby